Türkmen ideologlary nyýazowçylykdan saplanmaga çalyşýarlar

Filed under Täzelikler, TH täzelikleri

imagesPrezident Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda Türkmenistanda Hatyra gününiň bellenilmegi bilen bagly resmi dabara gatnaşmak üçin Gökdepedäki metjide baranda, prezidentiň öňünden çykan ýaşulular ýurtda bellenilýän matam seneleriniň hemmesini jemläp, ony ýylyň dowamynda ýekeje bir güne geçirmegi teklip etdiler.

Ýaşulularyň bu teklibi türkmen telewideniýesinde hem ile ýetirildi. Prezident bu teklip barada oýlanyp görjekdigini mälim etdi.

Elbetde, Türkmenistan ýaly awtoritar döwletde beýle teklipleriň has düýpden turýandygy öz-özünden düşnükli. Ýaşulularyň bu teklibiniň hut prezidentden, ýa bolmasa onuň egindeşlerinden gaýdýandygyna sada halk düşünmese-de, intelligensiýa aňryýany bilen göz ýetirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda dört sany hatyra-ýatlama güni bar. Olaryň birinjisi 1881-nji ýylda rus goşunlary bilen göreşde Gökdepe galasynyň synmagy netijesinde wepat bolanlaryň Hatyra güni. Ikinjisi bolsa, 1948-nji ýylyň Aşgabatdaky aýylganç ýer titremesinde wepat bolanlaryň Milli matam güni.

2001-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow öz kakasy Atamyrat Nyýazowyň ruhuny ebedileşdirmek maksady bilen, 8-nji maý gününi “1941-1945-nji ýyllaryň  Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanly Mill Gahrymanlaryň Ýatlama güni” diýip, kalendara üçünji bir ýas güni hökmünde goşdurypdy.

Emma bu ýas güni 2008-nji ýyldan ýatyryldy we resmi düşündirişde Ýatlama gününiň 9-njy maýda, Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş gününde ýatlanylmaly edilýändigi aýdyldy.

2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen bolsa, her ýylyň 21-nji dekabry “Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýatlama güni” diýlip, kalendara girizildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanda bir ýylyň dowamynda jemi dört sany ýatlama, hatyra güni bellenilýär.

Matam günleriniň birleşdirilmegi baradaky teklibiň, elbetde, gökdepeli ýaşululardan gaýdan pikir däldigi düşnükli zat.  Geçen ýylyň maýynda paýtagtda uly memorial kompleksi gurmak barada Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanan proýektiň işe girizilmegi bu zatlaryň öňräkden taýýarlanylandygyny aýan edýär.

Mundan başga-da, 2013-nji ýylyň metbugatda çap edilen kalendarynda geljek ýylyň senenamalary düýbünden görkezilmedi. Bu ýagdaý ýurduň baýramçylyk-hatyra senenamalarynyň sanawynda düýpli özgerişlikleriň boljakdygyndan habar berýär.

Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanan proýekt esasynda  ýurduň paýtagtynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan türkmenistanly esgerler we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlar baradaky hakydany ebedileşdirýän ýadygärlikler oturdylmaly. Ýöne soň bu ýerde 1881-nji ýylyň urşunda wepat bolanlaryň  heýkelleriniň hem oturdylmagy mümkin. Sebäbi Berdimuhamedowyň ideologiýasy matam günleriniň ählisini bir ýere jemlemegiň aladasynda ýaşaýar.

Matam günleriniň iň ilkinji jedelli hem dawaly seneleriniň biri 1881-nji ýylda Gökdepe galasynyň synmagy bilen bagly bellenilýän senedir. Bu senäni bellemek baradaky karar ilkinji gezek 1989-njy ýylyň 2-nji dekabrynda, Aşgabat şäheriniň 14-nji mekdebinde “Agzybirlik” guramasynyň geçiren mitinginde kabul edilipdi.

Nyýazowyň baştutanlygyndaky režimiň her hili päsgelçiliklerine garamazdan, 1990-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda, “Agzybirlik” guramasynyň aktiwistleriniň guramaçylygy netijesinde, Gökdepe galasynda rus goşunlary bilen bolan söweşde wepat bolanlaryň hatyrasy tutuldy.

Ýöne “Agzybirlik” guramasynyň aktiwistleri şol wagt bir zady ünsden düşüripdiler. Olaryň pikiriçe, Gökdepe galasy 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda synypdy we bu sene olaryň göreşiniň esasy baýdagyna öwrülipdi. Soňy bilen bu baýdagy Nyýazowyň režimi öz adyna geçirdi.

Emma Gökdepe galasynyň synan senesi 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwary bolsa-da, bu şol döwürde ulanylýan Ýulian kalendary hasabyndadyr. 1918-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Leniniň gol çeken dekretine laýyklykda, SSSR-iň çäginde Grigorýan kalendary girizilýär. Biziň şu wagtky ulanýan Grigorýan kalendarymyza laýyklasak, onda Türkmenistanda bellenilýän Hatyra gününiň hakyky senesi 12-nji ýanwarda däl-de, eýsem 25-nji ýanwarda bellenilmelidir. “Gökdepe galasy Tatýana gününde synypdyr” diýlip, taryhy maglumatlarda aýdylýar. Orsýetde Tatýana güni şu wagtky döwürde 25-nji ýanwarda bellenilýär.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, Saparmyrat Nyýazow Gökdepe galasynda wepat bolanlaryň ýatlanmagyny öz adyna geçirmek maksady bilen, bu senäniň takyk gününi anyklamak barada pikirlenmäge ýetişmändi. Netijede, 1992-nji ýyldan şu günki güne çenli,  resmi taýdan bellenilýän  Hatyra güni nädogry senede bellenilip gelinýär.

Elbetde, bu senäniň nädogry bellenilýändigine basym   öwrenje taryhçylardan başlap Nyýazowyň özüne çenli, hemme kişi düşünipdi, emma yza ýol ýokdy.

Senäniň bellenilişiniň nätakyklygyndan başga-da, Gökdepe galasynyň synmagynyň Hatyra güni kiçijik we biçäre Türkmenistany äpet Orsýetiň öňünde hem tagaşyksyz ýagdaýa salýardy. Ýurduň Ministrler Kabineti her ýylyň 12-nji ýanwarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna Gökdepe galasynyň synmagy bilen bagly taýýarlanylýan gepleşiklerdir makalalarda Orsýetiň göwnüne degjek maglumatlardan daşda durmak barada ýörite görkezme berýärdi.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda tutuş maşgalasyny ýitiren Saparmyrat Nyýazow bu senäni döwlet derejesinde ýas gününe öwrüpdi. Türkmenbaşynyň şahsyýet kultunyň arşa galdyrylan ýyllarynda türkmen ideologiýasy 6-njy oktýabr gününiň betbagtçylygy, hamala, diňe S.Nyýazowyň başyndan inen ýaly edip görkezipdi. Milli matam gününde ýurduň mediýasynda, esasan, Nyýazowyň ejesi Gurbansoltan hem-de onuň doganlary hakynda elegiýalar aýdylardy.

Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowa dahylly ýatlamalar ýuwaş-ýuwaşdan hakydadan aýrylyp başlandy. Aşgabatda “Polimeks” kompaniýasynyň gurjak memorial kompleksi Berdimuhamedowy 1948-nji ýylyň ýer titremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna bellenilýän Milli matam gününde Saparmyrat Nyýazowyň ejesi Gurbansoltanyň öňünde baş egmekden azat eder.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabrynyň ortalarynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy her kimiň ýatlamaga hukugynyň bardygyny aýtmak bilen, bu senäniň döwlet derejesinde uly bir senä öwrülmeginiň hökmany däldigini mälim etdi we özi 21-nji dekabr gününde, ilkinji gezek Nyýazowyň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşmakdan el çekdi.

Türkmenistandaky ýatlama günleriniň ýene biri hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen bagly. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu seneden eýýäm geçen ýyl ýüz öwrüp başlady. Geçen ýyl türkmen mediasynda “Beýik Watançylyk urşy” diýen sözi ulanmak gadagan edildi.

Alyp barýan syýasatyndan çen tutsaň, türkmen ideologiýasy şu ýyldan başlap, soýuz döwründen hem-de Nyýazowyň režiminden galan kultlardan doly saplanmagyň ugruna çykana meňzeýär.

 

Share and Enjoy:
  • Одноклассники
  • Добавить ВКонтакте заметку об этой странице
  • Мой Мир
  • Facebook

Leave a Reply

Your email address will not be published.

You may use these HTML tags and attributes: <a href="" title=""> <abbr title=""> <acronym title=""> <b> <blockquote cite=""> <cite> <code> <del datetime=""> <em> <i> <q cite=""> <strike> <strong>